Gojaman hazaryň kenary — hyzmatdaşlygyň mekany

30 Iýul 2021
111

Gojaman Hazar dost-doganlygyň we hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde şöhratlanýar. Deňziň goýnunda jemlenen tebigy baýlyklaryň uly gorlary hem-de kenarýaka döwletleriň ykdysady mümkinçilikleri sebitiň ýurtlaryna geljegi uly taslamalary üstünlikli amala aşyrmaga giň ýol açýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylyk dörediji merkez hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň» tyllaýy tomsunda Awazanyň ajaýyp kenary ýene-de halkara syýasy gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýan mekanyna öwrülýär. Öňümizdäki hepdede «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda iri halkara çäreleriniň birnäçesini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Has takygy 6-njy awgustda bu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogy bilen birlikde, başga-da birnäçe halkara çäreler geçiriler.

«Watan».