Gender deňligi — demokratik ösüşiň güwäsi

30 Iýul 2021
205

Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan iri sebit we halkara ähmiýetli forumlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny we halkara çäreleriniň başga-da birnäçesini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle çäreleriň geçirilmegi bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara derejesindäki at-abraýyny has-da belende göterer. Şeýle hem Türkmenistanyň sebitde gender deňligini üpjün etmek babatda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mynasyp goşandy bolar.

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, şahsy hukuklary kanun esasynda berkidilýär. Adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek her bir raýat jemgyýetini gurýan ýurduň esasy hukuk ýörelgesidir. Her bir adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, şol bir wagtda jemgyýetde adamyň tebigy we mizemez hukuklarynyň, azatlyklarynyň güwäsiniň hakyky ulgamyny döretmek hukuk döwletini gurmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Ýurdumyzda aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygyny konstitusion esasda pugtalandyrmakda anyk işler durmuşa geçirilýär.

Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.