Janyňa dermandyr türkmen keçesi

30 Iýul 2021
96

Bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde, döwletimizde ähli ugurlar bilen bir hatarda, milli medeniýetimiz we sungatymyz hem gülläp ösýär. Halkymyzyň medeniýeti, sungaty, el işleri, däp-dessurlary, milli gymmatlyklary dünýä halklarynyň ünsüni özüne çekýär. Nesilden-nesle geçip gelýän şeýle gymmatlyklar ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösdürilýär. Bu babatda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň at-abraýyny arşa göterip, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, milli gymmatlyklarymyzy ösüşiň belent basgançaklaryna çykarýar.

Şol mynasybetli ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda gyzykly bäsleşikler, baýramçylyk, döredijilik dabaralary, sergiler yzygiderli geçirilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramagynda «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda dabaraly ýagdaýda belleniljek şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilen bu bäsleşige onuň deslapky tapgyrynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden ýeňiji bolan gyz-gelinler gatnaşdylar.

Jennetgül ORAZOWA,
ýörite habarçymyz.