Belent maksatly işler

30 Iýul 2021
86

Adamlaryň saglygyny goramak, jemgyýetde sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Sagdyn nesil ýurdumyzyň geljeginiň dowamatydyr. Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşanda welaýatyň etraplarynyň we şäherleriniň çagalar hassahanalaryna döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-syny sowgat berdi hem-de lukmanlar bilen söhbetdeş boldy. Halkyň saglygy ugrunda edilýän aladalaryň subutnamasy bolan baýramçylyk sowgady saglyk işgärleriniň kalbyny joşa getirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda halkymyzyň, aýratyn hem, ýaş nesliň saglygyny berkitmek meselelerine ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz mundan beýläk hem saglyk ulgamynyň döwletiň üns merkezinde boljakdygyny nygtady.

Bagtyýarlygyň hem rowaçlygyň mekanyna öwrülen ýurdumyzda bagtyýar, eşretli durmuş gaýnap joşýar. Bu bolsa her birimiziň kalbymyzda ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize, ajaýyp zamanamyza belent söýgi we buýsanç duýgularyny döredýär. Saglyk ulgamynyň işgärleri mundan beýläk-de halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesliň saglygyny goramakda jan aýaman zähmet çekerler. Şeýle belent işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Narmat RAJAPOW,
Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap hassahanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.