Halkara ähmiýetli tagallalar

30 Iýul 2021
81

Ýewropanyň we Aziýanyň möhüm çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu gün Türkmenistanda dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulmaga, «Gündogar — Günbatar» hem-de «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça ýollaryň birleşdirilmegine, şeýle hem degişli düzümleriň işiniň kämilleşdirilmegi boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegine aýratyn üns berilýär.

Gadymy döwürlerde yklymlary we medeniýetleri baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine gönükdirilen döwletara üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryna amatly çykalgany üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi milli ulag birleşikleriniň umumy bähbitlerini utgaşdyrýan Halkara awtomobil ulaglary birleşigi hem-de Ýewropa Bileleşiginiň we hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda «Ýewropa — Kawkaz — Aziýa» ulag geçelgesini (TRASEKA) gurmak boýunça halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasyny amala aşyrmagy, şeýle hem tutuş dünýä boýunça ýük daşamak bilen meşgullanýan logistik guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligini üpjün eder. Munuň üçin ulagyň ähli görnüşleriniň — awtomobil, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Maksat REJEPOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň žurnalistika fakultetiniň talyby.