Gök çaýyň peýdasy

30 Iýul 2021
93

Gadymy hytaý ylmy çeşmeleriniň birinde: «Çaý ruhuňy galkyndyrýar, pikirlenişi gowulandyrýar, ýaltalyga ýol bermeýär, bedeniňi ýeňledýär, päkleýär, aňyňy aýdyňlaşdyrýar» diýlip bellenilýär. Gadymdan bäri mälim bolan bu häsiýetleri üçin çaý häzirki wagtda hem peýdalanylýar. Ol kellagyryny aýyrmakda, güýç-kuwwatyňy dikeltmekde ornuny çalşyp bolmajak derman serişdesi hasaplanylýar.

Gök çaý bedeniň umumy ýagdaýyny gowulandyrýar, immuniteti berkidýär, çydamlylygy ýokarlandyrýar. Ol aşgazanyň başly ýaralarynda, semizlikde, bagyr we böwrek sökelliklerinde, prostatit, dem alyş we ýürek-damar ulgamlarynyň kesellerinde, arterial gan basyşynyň ýokarlanmagynda peýdaly serişdedir.

Maýagül GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 16-njy saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.