Göterildi ol ykbaly türkmeniň

30 Iýul 2021
96

Beýik döwrüň döredijilikli işleriniň ruhunda gülläp ösýän, özgerýän türkmen topragynda şu ýyl ata Watanymyzy şöhratlandyrýan uly toýumyz — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy uludan toýlanýar. Şu döwrüň içinde geçilen ýol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan deňi-taýy bolmadyk ägirt uly täzeçillik hem-de uzak möhletleýin wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine beslendi.

Her ýyl taryhy pursatlary, şanly wakalary bilen wagt ölçeginiň çäginde täze bir tapgyry aňladýar: jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlary boýunça amala aşyrylýan özgertmeler, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine ygrarly halkymyzyň asuda hem abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Munuň hakykatdan hem şeýledigini dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugry bolan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesine laýyklykda amal edilýän işler aňryýany bilen subut edýär.

Täçmyrat REJEPOW,
TDP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy.