Arkadagyň köňül nagmasy

30 Iýul 2021
83

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan, köňül kelamyndan kemal tapan «Ak şäherim Aşgabat» atly ajaýyp kitabynyň halkymyza gowuşmagy bagtyýar il-günümize ajaýyp sowgat boldy. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz her ýylda ýurdumyzda bellenip geçilýän şanly senelere gabatlap, öz ajaýyp kitaplaryny halkymyza yzygiderli sowgat edýär. Bu berkarar döwletimizde indi asylly däbe öwrüldi. Kitap — munuň özi hiç wagt gymmatyny we hümmetini ýitirmeýän ruhy hazyna. Şonuň üçin hem döredijilige, çeper söze, edebiýata çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz öz halkyna egsilmez hazyna hasaplanýan ajaýyp kitaplaryny sowgat edýär.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen hem-de paýtagtymyzyň kaşaň-kaşaň binalarynyň suratlary bilen bezelen «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitaby hem gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda halkymyza edilen özboluşly toý sowgady boldy. «Giriş», «Aşgabatda ak arzuwlar amala aşýar», «Göwni açygyň — ýoly açyk», «Aşgabat — dünýä binagärliginiň merjeni» we «Toýlar toýa ulaşýar» ýaly bölümlerden ybarat bolan bu ajaýyp kitapda Gahryman Arkadagymyz: «Ýurdumyzyň şäherleriniň her biriniň özboluşly gözelligi bar. Paýtagtymyz Aşgabat bolsa şolardaky gözellikleriň baryny özünde jemleýär» diýip, merjen şäherimiziň waspyny belentden ýetirýär. Bir söz bilen aýdylanda, Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitabyny okan her bir okyjy şanly toýy ýurdumyzda uludan toýlanylan mermer paýtagtymyzyň 140 ýyllyk şöhratly taryhy, bagtyýar şu güni we eşretli geljegi bilen doly tanşyp biler.

Daýançmyrat TUWAKOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy, 2-nji derejeli ýurist.