Il-ýurt bähbidine

30 Iýul 2021
67

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýurdumyzyň çäginde takyk we birmeňzeş berjaý edilmegine gözegçilik işini amala aşyrmagy prokuratura edaralarynyň öňünde goýlan esasy wezipe hökmünde kesgitleýär.

Kanunlaryň takyk we birmeňzeş berjaý edilmegi, diňe bir olaryň bozulan halatynda günäkär adamlary jogapkärçilige çekmek bilen çäklenilmeýär. Kanunlaryň bozulmagynyň öňüni almak arkaly, olaryň berjaý edilmeginiň üpjün edilmegi hem wajyp işleriň biridir, çünki adamlary hukuga ters gelýän hereketleri etmekden saplasak, hukuga ters gelýän hereketleriň netijesine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak we ilkibaşdaky ýagdaýyna getirmek zerurlygy aradan aýrylýar. Şunda kä halatlarda kanun bozulmalaryň netijesinde öwezini dolup bolmajak ýitgileriň hem amala aşyrylýandygyny nazara alsak, öňüni alyş işleriniň ähmiýeti has hem artýar. Öňüni almak düzetmekden aňsat, howpsuz we netijeli bolýar. Şol sebäpli kanun bozulmalara ýol berilmeginiň öňüni almak, olary duýdurmak üçin kanunçylygy wagyz etmek we halkymyzyň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak has wajyp ähmiýetli wezipeleriň biridir.

Hangeldi MÄMIÝEW,
welaýat prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň oba hojalygynda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölümçesiniň prokurory, 2-nji derejeli ýurist.