Möwsüme uly taýýarlyk bilen

30 Iýul 2021
102

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda giňden toýlanylýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet sowgatlaryny taýýarlamak boýunça ähli pudaklarda işler guramaçylykly alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçirýän iş maslahatlarynda berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri hem pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk işlerini ýokary derejede alyp barýarlar. Milli baýlygymyz bolan ak pagtanyň 3150 tonnasyny Watan harmanyna tabşyrmagy maksat edinip, joşgunly zähmet çekýän kärendeçiler häzirki wagtda ekin meýdanlarynda hatarara bejergi işlerini geçirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaçanyň ujuny çyrpmak ýaly işleri gyzgalaňly dowam etdirýärler. Daýhan birleşigindäki 28 sany kärendeçiler topary boýunça 805 kärendeçi bilen şertnama baglaşyldy. Möwsümleýin taýýarlyk işlerini ýokary guramaçylykly geçirmekde daýhan birleşiginiň Güljahan Jabbarowa, Altyn Durdyýewa, Amangül Ýoldaşowa, Nurulla Abdykerimow ýaly pagtaçy kärendeçileri ýylyň-ýylyna göreldeli zähmetleri bilen öňdäki hatarlary eýeleýärler. Şanly ýylymyzyň pagta ýygymy möwsümine uly taýýarlyk bilen barýan bu daýhan birleşiginde işleriň depgini günsaýyn ýokarlanýar.

Döwletnazar IŞANGULYÝEW,
öz habarçymyz.