Hususy kärhananyň islegli önümleri

30 Iýul 2021
138

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berildi. Bu ulgama dahylly gurluşykda, oba hojalyk işlerinde, azyklyk önümleriň önümçiliginde, ilata medeni taýdan hyzmat ediş ulgamynda öz işlerini üstünlikli ýöredýän kärhanalar az däl. 

Telekeçileriň innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleri ýola goýmaklary daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan önümleriň öndürilişiniň artmagyna mümkinçilik berýär, şeýle-de eksport edilýän önümleriň sanawyny artdyrýar.