Gözelligiň hakyky nusgasy

30 Iýul 2021
70

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ene-mamalarymyzdan biziň şu günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň nusgalyk aýratynlyklaryna hem özboluşly öwüşgin çaýdy. Milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan el işleriniň inçeden yzarlanyp, sünnälenip ýerine ýetirilmegi, höwesdir yhlasdan kemala gelmegi onuň gymmatynyň artmagyna hem-de nesilden-nesle ajaýyp görnüşini ýitirmän geçmegine uly esas berýär. Muňa, elbetde, biziň häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hem aýratyn üns, uly ähmiýet berilýär. Şeýle bolansoň, zenanlaryň arasynda el işleriniň gymmatyny ýaýmak maksady bilen, dürli çäreleri geçirmek indi asylly däbe öwrüldi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde yglan edýän «Gülüň owadan!» atly bäsleşigi hem mährem zenanlaryň halkymyzyň şöhratly taryhyny beýan edýän, gözel tebigatymyzyň ajaýyp keşbini salyp, owadan güller bilen nagyşlaýan keçeleriniň gymmatyny ýaýmakda uly ähmiýete eýedir. Golaýda bu bäsleşigiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan Daşoguz şäherindäki 2-nji orta mekdebiň mugallymy Gülsoltan Saparowa, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgäri Jennet Nurklyçewa dagy onuň döwlet tapgyryna gatnaşyp, baýrakly ikinji orny eýelediler hem-de Hormat hatydyr Gahryman Arkadagymyzyň sowgadyna mynasyp boldular. Bäsleşigiň welaýatymyz boýunça ýeňijileri öz çykyşlarynda türkmen milli keçesini taýýarlamaklyga degişli işleri ýerine ýetirip görkezdiler. Şonda ýüň saýlap almak, saýmak, daramak, boýamak, pişge ýasamak ýaly işleriň, keçe gamşyny dokamagyň nähili derejede ünslüligi hem ussatlygy talap edýändigi aýan boldy. Şeýle hem welaýat aýratynlygymyza görä, gadymy milli nagyşlary salyp, keçe güllemek bilen, zenanlar ene-mamalarymyzdan biziň şu günlerimize gymmatyny ýitirmän gelen bu ajaýyp sungat babatda ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler.

Ýörite habarçymyz.