Hyýaryň saglyga peýdasy

30 Iýul 2021
86

Biziň eýýamymyzdan 30 müň ýyl ozal peýda bolan hyýaryň şekili Müsüriň ybadathanalarynyň diwarlaryny bezäpdir. Şol döwrüň adamlary sagdyn ýaşamak üçin onuň suwuny bägülüň şiresine garyp içipdirler. Gadymy Russiýada halk tebipleri bu gök önümi sürgi hökmünde, inçekesele, üsgülewüge garşy ulanypdyr, ýanyga ýapypdyr, dokumalara, boşluklara suw ýygnanmagyň garşysyna şiresi içilipdir. Gresiýada şahyr Gomeriň döwründe bu önümiň hatyrasyna bir şäher (Sikion — türkmençe hyýar) onuň adyny göteripdir.

Käbirleri bu nygmat diňe suwuklykdan ybaratdyr öýdýärler. Hakykatda bolsa, onuň düzüminde beloklar (0,5 — 1,1%), gant (1 — 2,5%), C, B1, B2, PP witaminler, karotin, fermentler, hoşboý ysly maddalardyr minerallar saklanýar. Ondaky aşgar duzlary aşgazan şiresiniň turşulygyny peseldýär, düzümindäki kaliý endamdaky artykmaç suwuklygy çykarýar, ýüregiň, böwregiň, bagryň işine oňyn täsir edýär, gan basyşyny kadalaşdyrýar, ýody, galkan görnüşli mäziň işjeňligini artdyrýar.

Ogulbaýram MÄMEDOWA,
welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň bölüm müdiri.