Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

30 Iýul 2021
64

28-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda ileri tutulýan ugurlarda netijeli gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda, ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylda BAE bolan resmi saparynyň çäklerinde uzak möhletleýin esasda ýola goýlan türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ygtybarly binýadyň bardygy bellenildi.