Gülleýär, özgerýär garaşsyz Diýar

30 Iýul 2021
66

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri» diýip atlandyrylýan zamanamyzda Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda tarypa mynasyp belent sepgitlere ýetilýär. Garaşsyz Diýarymyzda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly ösüşlere eýe bolunýar. Gazanylýan ösüş--özgerişler «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň astynda halkyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ýaşaýan halkymyz bu günki gün milli Liderimiziň daşyna berk jebisleşip eşretli durmuşyň hözirini görüp, bagtyýar ýaşaýar.

Bu günki gün ýurdumyzyň abraýy dünýä derejesinde has-da belende galýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edilýän aladalary göreniňde, hormatly Prezidentimiziň «Meniň ähli aladam halkym bolar» diýen parasatly jümlesiniň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyna göz ýetirýärsiň. Halk hojalygynyň ähli ugurlarynda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän sepgitler il-günümiziň guwanjyny goşalandyryp, ertirki güne bolan ynamyny has-da artdyrýar.