Özgerişleriň dabaralanýan mekany

30 Iýul 2021
58

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda bagtyýarlyk döwrümizde her bir pudakda uly işler durmuşa geçirilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýunyň toýlanyljak ýyly bolan Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda halkymyz belent sepgitlere ýetmek üçin döredijilikli zähmet çekýär. Üstümizdäki ýylda hem ata Watanymyzda parahatçylyk, hoşniýetlilik, birek-birege ynanyşmak ýoly bilen içeri we daşary syýasatda uly ösüşlere, belent sepgitlere ýetilýär.

Biz — ýaşlar bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşandymyzy goşmaga çalyşýarys. Zähmet çekip, bagtyň hözirini görmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuwlaýarys.