Döwrüň bagtyýar kitaphanaçylary

30 Iýul 2021
48

Garaşsyzlyk ýyllary içinde kitaphana işi täze many-mazmuna eýe boldy. Işiň esasy ugurlary türkmen halkynyň ruhy mirasyny, taryhy geçmişini, milli däp-dessuryny wagyz etmäge, ösüp gelýän ýaş nesillerde watançylyk duýgusyny terbiýelemäge gönükdirilendir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň kitaphana şahamçamyzda hem ýaş nesilleri döwrebap, Watançylyk ruhunda terbiýelemekde, okyjylar köpçüligini kitaphana çekmekde birnäçe işler alnyp barylýar. Kitaphanamyzda okyjylar bilen işlemek, aýratyn hem, ýaş ýetginjekleriň kitaba bolan höwesini artdyrmak maksady bilen köpçülikleýin çäreleri geçirýäris.