Ykdysady ösüşleriň ýoly bilen

30 Iýul 2021
38

Ajap eýýamyň binalary

Häzirki wagtda trestimiziň işçileri Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çäginden geçýän böleginde gurluşyk-gurnama işlerini tamamlaýjy tapgyrynda alyp barýarlar. Bu ýerde işiň hiline uly üns berlip, desgany bellenilen möhletde tamamlamak ugrunda aladalanylýar. Şeýle hem Baýramaly şäherinde haly sehiniň binasynyň, Sakarçäge etrabynyň merkezinde 4 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Mary şäheriniň N. Halmämmedow köçesiniň ugrunda 2 sany 4 gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna başlanyp, olaryň biri tabşyryldy. Beýlekisinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar. Ýeňillikli karzaryň hasabyna ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda-da trestimiziň gurluşykçylary giň möçberli işleri bitirýärler. Mysal üçin welaýat merkezinde 14 sany iki gatly 5 otagly, iki sany 4 gatly, 5 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam etdirilse, Sakarçäge etrabynyň döwrebap şäherçesinde bir gatly, 3 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň 42-sinde gurluşyk işleri alnyp barylýar. Bu babatda Tagtabazar şäherinde gurulýan 11 sany bir gatly, 3 otagly ýaşaýyş jaýlarynam ýatlamak bolar. Şu ýerde demir-beton, asfalt we beýleki käbir gurluşyk üçin önümleriň trestimiziň özünde öndürilýändiginem ýatlamalydyrys.