Ogulabat ejäniň sowgady

30 Iýul 2021
98

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda her bir günümiz toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenip gelýär. Golaýda Murgap etrap merkezi kitaphanasynda “Enäniň ýürek mähri siňen ajaýyp sungat” atly duşuşyk-maslahat geçirildi. Bu duşuşykda Murgap etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Ejebaý Atagarryýewa, şol kitaphananyň kitaphanaçysy Aýgül Akyýewa we beýlekiler Ogulabat ejäniň bize eden sowgady barada öz ýürek buýsançlaryny joşgunly beýan etdiler.

Külli türkmen käbesi Ogulabat ejäniň hut öz eli bilen bejeren kürtesini, çykyş kürtesini bize sowgat etmegi, muzeý gymmatlyklarynyň üstüni ýetirmegi biz — zenanlaryň başlaryny göge ýetirdi. Mähriban käbämiziň el hünäri ýöne hünär däl, ol keramatly, kämil sungatdyr. Üstünden ýarym asyr geçse-de, sünnälenilip bejerilen kürte özüniň asyl nusgasyny saklapdyr.