Gün şöhlesiniň saglyk üçin ähmiýeti

30 Iýul 2021
68

Tomus bedeniň goraglylygyny ýokarlandyrmak, endamy taplamak üçin iň amatly wagtdyr. Sebäbi ýylyň iň yssy paslynda Gün, howa, suw hammamlaryny kabul etmek, witaminlere baý ter gök we bakja önümlerini, ir-iýmişdir miweleri ýeterlik iýmek üçin mümkinçilikler has köpdür. Gün şöhlesiniň adamyň saglygyna peýdasy uludyr. Günüň täsiri bilen kuwwatlanan myşsalar bedenimiziň işjeňligini artdyrýar. Günüň täsiri bilen ynsan bedeninde Güneş witamini hasaplanýan D witamini emele gelip, boýuň ösmegine we bedeniň gorag ulgamyny berkitmekde ähmiýeti diýseň uludyr.

Käwagtlar tomus paslynyň ýiti Gün şöhlesi adamlarda gün urma hadysasyny emele getirýär. Gün urmadan goranmak üçin ak ýa-da açyk reňkli egin-eşik, başgap geýmek, ýaglyk atynmak, saýawan götermek, Günden goraýjy äýnekleri dakmak maslahat berilýär.