Berkararlygyň belent binasy

30 Iýul 2021
311

Gündogaryň göwher gaşyna deňelýän mermer paýtagtymyz Aşgabatda durmuşa geçirilýän giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy ýurdumyzyň baş şäherini has-da özgerdýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynyň açylyş dabarasy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça «Buig Batiman Internasional» fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan «Arkadag» myhmanhanasy özboluşly bezegi, häzirki zaman binagärlik çözgütleri bilen haýran galdyrýar. Myhmanhana toplumy ýarym aýlaw görnüşinde bolup, onuň eýeleýän meýdany 220 müň inedördül metrden gowrakdyr. 14 gatly myhmanhananyň beýikligi 76,5 metr. Ol uzynlygy 290 metr bolan merkezi we oňa goşulýan iki binadan ybaratdyr. Merkezi bina goşulýan ganat görnüşdäki binalaryň her biriniň uzynlygy 134 metrdir.

«Diýar».