Nurana geljegiň ýoly

17 Iýun 2021
74

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Esenguly etrap komiteti tarapyndan guralan çaý başyndaky söhbetdeşlik «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanyp, oňa etrabyň çäginde ýerleşýän ýangyç-energetika toplumyna degişli senagat kärhanalarynda zähmet çekýän işjeň partiýa agzalary gatnaşdylar.

Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgesidir. Bu syýasat döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, bilelikdäki ykdysady, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ata Watanymyz sebitiň iri ýangyç-energetika döwleti bolmak bilen, soňky ýyllarda uly ýol geçdi. Nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilen iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr. Täze iri energetika geçirijisi diňe bir Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryny türkmen gazy bilen üpjün etmäge däl, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmeginiň möhüm guralydyr. Ygtybarly, häzirki zaman energetika çeşmeleriniň elýeterliligi ähli ýurtlaryň okgunly ösmeginde aýgytlaýjy ähmiýete eýedir.

Arazgeldi GURBANÝAZOW,
«Balkan».