Uzynada meýdançasynda

17 Iýun 2021
70

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Ekerem buraw işleri müdirliginiň zähmetsöýer burawlaýjylary Goturdepe, Akpatlawuk, Kemer, Keýmir, Ekerem, Altyguýy ýaly nebitgazly meýdançalarynda gözleg-barlag we ulanyş guýularynda burawlaýyş işlerini alyp barýarlar. Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýalpaklyklaryny özleşdirmek hem güýçli depginlerde amala aşyrylýar.

Müdirligiň burawlaýjylary täze nebitgaz ýatagy bolan Uzynada meýdançasyndaky 77-nji guýuda burawlaýyş işlerini üstünlikli dowam etdirýärler. Taslama çuňlugy  6750 metr bolan guýy Hytaýda öndürilen kuwwatly buraw desgasy bilen gazylýar. Işleri alyp barmak ozal şeýle guýulary burawlamakda  tejribe toplan burawlaýjy hünärmenlere ynanyldy.

Repbimberdi SAPARDURDYÝEW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Ekerem buraw işleri müdirliginiň işgärler bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.