Ene mähri — düýpsüz umman

17 Iýun 2021
72

Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň okamaklary, bilim almaklary, dünýä ülňülerine laýyk täze tehnologiýalardan baş çykaryp bilmekleri, sagdyn bedenli we sagdyn ruhly bolmaklary üçin edýän atalyk aladalary oňyn netijesini berýär. Çagalarynyň röwşen geljegine bolan ynam mährem enelerimiziň buýsançly başlaryny göge ýetirýär. Arkadag Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sagdyn nesli kemala getirmek üçin bize sagdyn eneler gerek. Zenanlaryň jemgyýetde hemmetaraplaýyn goragly bolmagy üçin kabul edilýän kanunlar halkara hukuklaryna we düzgünlerine laýyk gelip, zenanlaryň bähbitlerine ygtybarly hyzmat edýär we jemgyýetiň başlangyç esasy bolan maşgala ojagynyň pugtalanmagyna, eneligi we çagalygy goramaga, sagdyn nesli kemala getirmäge doly mümkinçilik döredýär.

Milli Liderimiz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda maşgalada enäniň tutýan orny barada söz açyp, şeýle diýýär: «Maşgalada zenan öý-ojagyň gelşigi, söýesi hasaplanýar. «Çagalarynyň enesiniň» öýdedigine göz ýetiren öý eýesi hemişe arkaýyn bolýar. Çünki perzentleri üçin ganatyny gerýän mähriban ynsan öýde, ol ogul-gyzyny ünsdür mähir bilen gurşaýar. Şol mähribanlygy duýup kemala gelen çagalaryň sypaýy, rehimdar, işeňňir, adalatly, merdana bolup kemala gelýändigi hakyndaky täsin maglumatlar özüne çekýär».

Döwletberdi GURBANBERDIÝEW,
Türkmenbaşy etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy.