Bugdaý orulsa

17 Iýun 2021
69

Aladaly, gyzgalaňly bu döwür,
Meýdanda ýetişen bugdaý orulsa.
Çörekden bol bolar saçakly böwür,
Meýdanda ýetişen bugdaý orulsa.

Gallaçy begensin alan hasylna,
Harmanlar bezegdir tomus paslyna,
Bolelinlik ýurtda türkmen nesline,
Meýdanda ýetişen bugdaý orulsa.

Gara TÄÇMÄMMEDOW,
Serdar şäheri.