Sagdyn durmuş — hemişelik ýörelgämiz

17 Iýun 2021
72

Mähriban Arkadagymyzyň göreldesine eýerilip, ýurdumyzda ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, sporty we köpçülikleýin-bedenterbiýe hereketini ösdürmek, beden taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Milli Liderimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri, «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly we beýleki kitaplary sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir. Mähriban Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy işinde halkymyza tenekar türkmen topragynda bitýän dürli ösümlikleriň dermanlyk häsiýetini açyp görkezip, olary bejerişde, saglygy dikeldiş işlerinde peýdalanmagyň usullaryny salgy berýär.

«Sport bilen yzygiderli meşgullanmak diňe bir saglygy berkitmäge we ruhubelentlige ýardam bermän, erkiňi taplamaga, işe ukyplylygy ýokarlandyrmaga kömek edýär» diýip, özüniň şahsy göreldesi bilen halkymyzy sagdyn bolmaga, bagtyýar ömür sürmäge çagyrýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Mahym ORAZBERDIÝEWA,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.