Gölleri güneş deý owadan haly

17 Iýun 2021
112

Türkmen halysy. Gözelligiň hem ajaýyplygyň taýsyz nusgasy. Ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünärinden döräp, asyrlaryň dowamynda türkmeni dünýä tanadyp gelen gudratlaryň biri. Türkmen kalbynyň owadanlygy, nuranalygy, joşgunlylygy ýaly üýtgeşik öwüşginli gözel halylarymyz görenleri haýrana goýýar. Öz hünärine ezber, ussat zenanlarymyz halynyň nagyşlaryna mähirlerini, isleg-arzuwlaryny siňdirip, ony sungatyň ýokary derejesine ýetirmegi başarypdyrlar. 

Gözelligi, nepisligi bilen dünýä ýüzünde tanalýan türkmen halysynyň at-abraýy barha artyp, bu günki bagtyýarlyk zamanamyzda has-da belent derejelere göterildi. Inçeden nepis türkmen halylarymyz — bu gün toýlarymyzyňam, öýlerimiziňem gelşigi, ýaraşygy. Halkymyzyň milli aýratynlygyny alamatlandyrýan halynyň gölleri Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda we Döwlet tugrasynda özüniň mynasyp ornuny tapdy. 

Güljemal AŞYROWA,
Türkmenbaşy şäheri.