Arkadagyň halypa-şägirtlik mekdebi

16 Iýun 2021
68

Gahryman Arkadagymyz ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa döredijilikli çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynyň içinden halypa-şägirtlik mekdebi eriş-argaç bolup geçýär.

Hormatly Prezidentimiz 2010-njy ýylyň 24-nji fewralynda ýurdumyzyň döredijilik işgärleri bilen geçiren duşuşygynda halypa-şägirtlik ýolunyň tälim bermegiň kämil usulydygyny nygtap, ony täze öwüşgin bilen milli özboluşlylygyň mekdebi hökmünde dikeltmäge badalga berdi. Ata-babalarymyzyň ýörelge mekdebine uly hormat goýýan mähriban Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynyň 4-nji babyny «Halypa-şägirtlik däpleri» diýip atlandyrdy. Türkmen halkynyň uzak ýyllaryň dowamynda kämilleşdirip gelen halypa-şägirtlik ýoly döwürleriň keşbini şöhlelendirýän döredijilik, sungat, aýdym-saz eserleri arkaly döwlet syýasatynyň esasy ugruny kesgitlemekde, ýurduň intelligensiýasynyň şol syýasatdaky ornuny we hyzmatyny anyklamakda uly ähmiýete eýedir.

Gyzylgül TAGANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.