Ösüşiň möhüm ugry — durmuş syýasaty

16 Iýun 2021
63

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygyna täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda, milli ykdysadyýetimizi dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet innowasiýa syýasaty ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini, azyk, energiýa, tehnologiýa we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde, milli önümleriň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilendir.

Ösen döwletleriň milli girdejileriniň aglaba böleginiň ylmyň, täze tehnologiýalaryň hasabyna gazanylmagy häzirki döwürde ýurdumyzda innowasiýalara daýanýan ykdysadyýeti ösdürmek üçin öňdebaryjy netijeli çemeleşmeleriň ulanylmagyny talap edýär. Ýurdumyzda ösüşleri yzygiderli üpjün etmekde maksatnamalaýyn wezipeler durmuşa geçirilýär. Esasy wezipeleriň hatarynda maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, durnukly ösüş üçin bar bolan ähli serişdeleri we mümkinçilikleri doly peýdalanmak, ähli sebitleri durnukly ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ýokary depginler bilen ösdürmek işleri kesgitlenilendir. Bu ugurlar boýunça Prezident Maksatnamasynda anyk wezipeler bellenilip, olar yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Şeýle-de, Prezident Maksatnamasynda ähli pudaklara öňdebaryjy tejribäni, innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, milletimiziň aň-paýhas mümkinçiliklerini doly herekete getirmek ýaly ileri tutulýan ugurlar öz beýanyny tapýar.

Nurmuhammet SAPARMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.