Halkara hukugynyň kadalaryna eýerip

16 Iýun 2021
63

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyz, asuda bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady has-da kämilleşdirilýär. Raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, şeýle-de milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmak boýunça giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adamyň we raýatyň hukuklary hem-de azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kepillendirilýär. Esasy Kanunymyzyň döwrebap kadalary Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynyň, Raýatlyk we syýasy hukuklar hakynda halkara paktynyň, Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakynda halkara paktynyň kadalary bilen özara utgaşykly beýan edilýär. Türkmenistanda adam hukuklarynyň üpjün edilmegi jemgyýetde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň esasy maksady bolup durýar.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.