Yhlas üstünlige ýetirýär

16 Iýun 2021
73

Ýusup Bäşimow diňe bir Ak bugdaý etrabynda däl, onuň çäginden daşarda hem tejribeli oba hojalyk işgäri hökmünde tanalýar. Ol topragyň “dilini” tapýan, ykbalyny topraga baglan ynsanlaryň biri. Indi 45 ýyla golaý wagtdan bäri toprak bilen iş salşyp gelýän Ýusup aganyň bu ugurdan örän baý tejribesi bar.

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny özgertmek bilen bagly kabul eden çözgütleri, şol sanda ýerleri raýatlara 99 ýyla çenli möhlet bilen peýdalanmaga bermek hakdaky degişli Karary gürrüňi edilýän daýhanyň ykbalyna oňyn täsirini ýetirdi. Ýusup aga şondan ugur alyp, daýhan hojalygyny döretdi, 99 ýyla çenli peýdalanmak maksady bilen sürümli ýerlerden 135 gektar meýdany aldy. Köp ýyllaryň dowamynda toplan baý tejribesine daýanyp, uzak möhletleýin peýdalanmaga alan ekerançylyk ýerlerine daýhan azabyny siňdirip, şol meýdanlarda gallanyň, gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirip gelýär.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: tejribeli daýhan Ýusup Bäşimow; guşgursak ak bugdaýly meýdanda oragyň dowam edýän pursaty. Surata düşüren awtor.