Dary çuwal doldurar...

16 Iýun 2021
107

Ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ýerden iki-üç hasyl almaga, şonuň netijesinde-de azyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge giň mümkinçilik bar. Azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda aralyk ekinleriň ähmiýeti iňňän uludyr. Biz aralyk ekin bolan darynyň ösdürilip ýetişdirilişi, peýdalanylyşy barada gürrüň etmekçi. Alymlaryň kesgitlemelerine görä, darynyň watany Hytaý hasaplanýar. Arheologlar tarapyndan ol ýerde gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan deliller darynyň biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllykda hem ekilendigini subut edýär.

Dary artykmaç hyzmaty talap etmeýändigi, galyberse-de, adam üçin iýmitlik derejesiniň ýokarydygy bilen tapawutlanýar. Ol dünýäniň köp ýurtlarynda — Hytaýda, Ýewropa ýurtlarynda, Aziýada, Amerikada, Afrikada örän ýaýrawly bolup, ylmy maglumatlarda onuň 400-e golaý görnüşiniň ekin dolanyşygyna girizilendigi aýdylýar. Darynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynda sekiz görnüşi, ýurdumyzda dört görnüşi ekilýär. Tejribeli daýhanlaryň gürrüňlerine görä, idegine laýyklykda, sary dary 70 — 90, ak dary 60 — 90, gara dary 60 — 70 günde ýetişýär. Ata-babalarymyz gyzyl daryny-da ekipdirler. Ol 90 — 120 günde ýetişipdir, ýöne darynyň bu görnüşiniň tohumy wagtyň geçmegi bilen ýitirilipdir.

Otuzmät KAKYŞOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Görogly etrap birleşmesiniň işjeň agzasy.