Zähmetkeşleriň armasy ýetirildi

16 Iýun 2021
82

Şu günler Tejen etrabynda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Üstümizdäki şanly ýylda 86 müň tonna ak bugdaýy ýygnap almagy maksat edinýän etrabyň edermen gallaçylaryny ajaýyp zähmet üstünligine ruhlandyrmakda jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralýan höweslendiriş çäreleriň uly ähmiýeti bar.

Etrabyň «Tejen» daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde gallaçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen geçirilen aýdym-sazly dynç alyş dabarasy jogapkärli orak möwsümine gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri döretdi. Etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda bolan dabarada saz-söhbede orun berildi. Onda çykyş edenler guşgursak ak bugdaýyň rysgal çeşmesidigini, saçagymyzyň berekedidigini, jogapkärli möwsümiň çalt we ýitgisiz alnyp barylmagynyň uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler hem-de galla oragyna gatnaşyjylara iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.

Maýsa ABDULLAÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň işgäri.