Azyk önümçiligi

16 Iýun 2021
72

Milli Liderimiziň tagallasy bilen Türkmenistan azyk bolçulygyny döretmäge işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň ähli düzümleri döwrebap ösdürilýär. Oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ekerançylarymyza ähli şertler döredilýär. Ýokary hilli tohumlar, dökünleriň dürli görnüşleri, häzirki zaman oba hojalyk tehnikasy, suw we beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär. Agrosenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerini artdyrmaga ýardam etmäge gönükdirilen tagallalar öz netijelerini hem berýär. Sahy toprakda gök we bakja önümlerini öndürmek üçin ekin meýdanlarynyň giňeldilmegi we bejerilmegi ýurtda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge ýardam berýär.

Ýurduň maldarçylyk pudagynda hem giň özgertmeler alnyp barylýar. Gara mallaryň we dowarlaryň, düýeleriň we guşlaryň baş sanyny köpeltmäge, et we süýt önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça anyk çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak boýunça şertler döredilýär. Daýhan hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri, kärendeçiler, oba-hojalyk ylmy-barlag institutlary bu ugur boýunça ýeňillikli bank karzlaryny alyp bilýärler. Bu karz serişdeleri maldarçylygy we guşçulygy, oba hojalyk önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek hem-de hyzmatlar bilen baglanyşykly taslamalary maliýeleşdirmek üçin, şeýle hem oba hojalyk enjamlaryny, degişli beýleki abzallary, hususan-da, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagy üpjün etmäge niýetlenen enjamlary satyn almak üçin ýeňillikli şertlerde berilýär.

Enejan DIDAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.