Döwrebap tejribe

16 Iýun 2021
56

Häzirki döwürde milli binagärlik äheňlerinde öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyk gelýän ähli amatlyklary bolan ajaýyp ýaşaýyş jaýlary, döwrebap önümçilik we medeni-durmuş maksatly täze binalar we desgalar, awtomobil we demir ýollary, seýilgähler, suw çüwdürimleri gurlup, ulanmaga berilýär. Hormatly Prezidentimiziň özgertmeler maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan bu gurluşyklar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyryp, ildeşlerimiziň asuda, abadan, eşretli durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we medeniýetli dynç almagy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz ýurtda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň şeýle ýokary netijeli bolmagyny ylymly-bilimli, öz kärine ussat hünärmenleriň barlygynda görýär. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda döwrüň talabyna laýyklykda dizaýn, şähergurluşygy we hojalygy hem-de şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek ýaly hünärleriň bolmagy netijesinde bu ugurda kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagy onuň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döretmek bilen bir hatarda, professor-mugallymlaryň öňünde uly wezipeleri goýýar, talyplara uly ynam bildirýär.

Aýna ÝAGMUROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.