Saz dünýäsiniň ägirdi

16 Iýun 2021
62

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys.

Gysga ömründe dünýä saz sungatynda öz möhrüni goýmagy başaran saz äleminiň parlak ýyldyzy, zehinli kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Nury Halmämmedowyň ajaýyp eserlerinde halkylyk, milli folklor öz beýanyny tapýar. Onuň saz eserleriniň her biriniň halkyň göwnünden turýandygyny hem şonuň bilen düşündirse bolar. Onuň döreden sazlary, sözüň doly manysynda, türkmen halkynyň milli mirasynyň dürdäneleriniň bir bölegi hökmünde taryha girdi. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Nury Halmämmedow, Weli Muhadow, Çary Nurymow ýaly zehinli kompozitorlarymyzyň her biriniň döredijiligi giden bir ummandyr» diýip belleýär.

Begenç ESENOW,
žurnalist.