Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri

10 Iýun 2021
39

Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her günde zähmet ýeňişleri gazanylýar. Şanly wakalar köpmilletli agzybir halkymyza täze zähmet ýeňişleriniň döredijilik joşgunlaryny eçilýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň pileçileriniň gazanan zähmet üstünlikleri hakynda berlen hasabat hem raýatlarymyzyň kalplaryny egsilmez buýsanja besledi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagyny ösdürmek babatda döredýän ähli taraplaýyn şertleriniň netijesinde pileçilik ulgamy yzygiderli ösýär. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem habar berlişi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän şu ýylynda zähmetsöýer ýüpekçilerimiz giň gerimli döwlet goldawlaryndan netijeli peýdalanyp, Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, öz üstlerine alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, edermen pileçilerimiziň yhlas siňdirip, irginsiz çeken zähmetiniň netijesinde öndürilen piläniň bol hasyly bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyzyň halal ojaklarynyň berekedidir, ata-babalarymyzyň gadymy senetçiliginiň biri bolan ýüpekçiligiň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

«Adalat».