Ylym — parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna

8 Iýun 2021
59

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasaty we durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli beýik işleri netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ajaýyp ahalteke bedewlerimiziň batly gadamy bilen öňe barýar. Soňky ýyllaryň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz özüniň içeri we daşary syýasatyny bütin dünýäde parahatçylyga, ynanyşmaga, ählumumy howpsuzlyga, durnukly ösüşe doly gönükdirip, gysga taryhy döwürde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýdy, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň düýbünden täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny kemala getirdi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň parahat, asuda, bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün edýär. Bu ösüşleriň netijesinde ata Watanymyz dünýäde ösen döwletleriň hatarynda özüniň mynasyp ornuny eýeledi.

Batyr MYRADOW,
«Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory, pedagogika ylymlarynyň doktory.