Bagtyýar nesillerimiziň şadyýan gülküsi hemişe belentden ýaňlansyn!

3 Iýun 2021
104

Watanymyzyň ýaş nesli hakyndaky alada mähriban Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şol syýasata laýyklykda, sazlaşykly ösýän, beden taýdan sagdyn, ýokary bilimli ýaş nesli terbiýelemäge, çagalaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen jemgyýetiniň ruhy gymmatlyklary, gadymdan gelýän däp-dessurlary we ahlak ýörelgeleri şol syýasatyň esasyny düzýär. 2015-nji ýylda işe girizilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziň täze döwrebap toplumy iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen iri saglygy goraýyş edarasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde guralan dabaraly çärä gatnaşdy.