Arkadagyň ajap eýýamynyň rowaç menzilleri

28 Maý 2021
204

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň we paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň uludan toýlanylýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her bir güni möhüm wakalara beslenýär. Ýurdumyzda toýlaryň toýa ulaşýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bagtyýar durmuşumyzy çuňňur many-mazmun bilen baýlaşdyran şol ajaýyp wakalaryň üstüni ýetirdi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň aýdyň netijelerine we ösüşiň, döredijiligiň ýoly bilen ýurdumyzyň ynamly gadam urýandygyna şaýatlyk edýän birnäçe döwrebap desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Bu dabaralar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň, Aşgabadyň 140 ýyllygynyň hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylyň hormatyna geçirildi.

«Diýar».