Watana bolan söýginiň beýany

25 Maý 2021
323

Mähriban Arkadagymyzyň ýiti paýhasynyň miwesi bolan «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny eline alyp, alnyna sylan watandaşlarymyz bu eseriň paýtagtymyz baradaky gymmatly maglumatlary özünde jemleýändigine şaýat boldular. Häzirki zaman çaphana usulynda neşir edilen bu kitap «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uludan bellenilýän Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuna ajaýyp sowgat boldy.
Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň paýtagtyny dabaralandyrýan, çuň many-mazmuna ýugrulan ajaýyp nusgasyny okanyňda bir zada anyk göz ýetirýärsiň. Kitap mähriban Arkadagymyzyň eziz Watanymyza, paýtagtymyz Aşgabada çuňňur söýgüsiniň beýany bolup, onda baş şäheriň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten derejesi, ony ösdürmekde maksatnamalaýyn amala aşyrylan işler dogrusynda birin-birin gürrüň berilýär. «Ak şäherim Aşgabat» atly ajaýyp kitapda ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir işi ünsden düşürmän, mydama öz gözegçiliginde saklaýan hormatly Prezidentimiziň mermer paýtagtyň özboluşly binagärlik keşbini emele getirmekde, ony dünýäniň iň owadan hem ýaşamak üçin amatly şäherleriniň hataryna goşmakda çekýän dyngysyz zähmetiniň beýanyny görmek bolýar.

Dünýäniň islendik gözel şäherleri ýatda galyjy ajaýyp keşbi, täsinlikleri bilen syýasatçynyň hem, syýahatçynyň hem ünsüni özüne çekýär. Eserde «Aziýanyň merjeni» ady bilen adygan şäherimiziň dünýäniň kitabyna giren 11 sany täsinligi baradaky söhbetler bolsa okyjynyň hakydasynda mydamalyk galsa gerek. Bu täsinlikleriň ýedisi şäheriň binagärlik keşbini dabaralandyrsa, ikisi halkymyzyň dünýäniň gymmatlyklaryna goşan goşandy, ýene ikisi bolsa, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan ukyp-başarnyk bilen baglydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 10 ýyllyk şanly toýy mynasybetli 2001-nji ýylda dokalan, häzirki wagtda Türkmen halysynyň milli muzeýini bezeýän «Altyn asyr» atly halynyň «Dünýäde elde dokalan iň uly haly» hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi, haly baradaky täsin maglumatlar okyjyny gyzyklandyrýar. Hormatly Prezidentimiz ol barada: «Maglumatlara üns berseňiz, hakykatdan hem täsinlik kemi ýok» diýip belleýär. Geliň, bu äpet haly bilen bagly getirilýän sanlara üns bereliň. Halynyň meýdany 301 inedördül metr bolup, onda 120 million çitim ýerleşýär. Onuň her inedördül metrinde 304 müň çitim bar. Halynyň ini 14 metre, boýy 21,2 metre, agramy bir ýarym tonna barabardyr. Iň täsin ýeri-de, şeýle äpet halynyň gelin-gyzlaryň
40-sy tarapyndan sekiz aýyň dowamynda dokalmagydyr. Bu täsinlik hökmünde dünýäniň kitabynda mynasyp orun almak bilen bir hatarda, türkmen gelinleriniň, gyzlarynyň çeken yhlasly zähmetlerini dünýä ýaýan wakalaryň hem biri boldy.

Maýsa TAÝJYKOWA.