Habarlar

22 Maý 2021
136

2-nji ap­rel. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry­nyň, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da san­ly ul­gam ar­ka­ly iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. On­da se­bit­le­ri dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­ni ge­çir­me­giň hem-de şan­ly se­ne­le­re taý­ýar­lyk gör­me­giň wa­jyp me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy.

5-nji ap­rel. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent ­Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk sport top­lu­myn­da bo­lup, ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň at­çy­lyk to­par­la­ry­nyň taý­ýar­lyk iş­le­ri bi­len ta­nyş­dy. Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz bu ýer­de ge­çi­ri­len ça­py­şyk­la­ra to­ma­şa et­di we ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň hal­ka­ra gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­ne taý­ýar­lan­ýan be­dew­le­ri syn­la­dy.