Milli terbiýäniň özeni

16 Maý 2021
153

Zähmet terbiýesi nesil terbiýesinde iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz kiçiliginden çagalaryň zähmet terbiýesine uly üns beripdirler. Olar çaga ýaşlykdan zähmet çekmegi öwrense ulalansoň hem halal, ilhalar ynsan bolup ýetişýändigi barada gymmatly öwüt-nesihatlary nesillere miras galdyrypdyr. Maşgalada ogul perzent ata terbiýesine eýerse, gyz maşgala ene göreldesine eýeripdir. Ata ogul perzentlerini çagalygyndan hünär öwrenmäge, daýhançylyga, ussaçylyga, hünärmentçilige söýgi döredip, bu işlerde görelde görkezip, ilkinji sapaklary beripdir. Gyz maşgala bolsa, enelerimiz el işleri, tagam taýýarlamak, öýe serenjam bermek ýaly işleri öwredipdir.

Türkmen maşgalasynda zähmet terbiýesinde atadyr enäniň görüm-göreldesi, atalyk — enelik öwütleri ýaş oglan-gyzlar üçin ilkinji mekdep bolup hyzmat edipdir. Milli terbiýäniň özeni bolan bu ýörelgeler häzirki döwrümizde-de ýörgünli. Bu işde ata-babalarymyz halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýörelgelerinden ugur alypdyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda: «Halkymyzyň awçylyk, mürüşgärlik, seýisçilik, alabaýlary köpeldip ýetişdirmek, haly sungaty, zenan maşgalalara degişli bolan dürli el işleri zähmete söýginiň netijesinde kemala gelen iň naýbaşy nusgalarydyr» diýip, belleýär.

Tyllagözel RAHYMOWA,
Aşgabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.