Yşk öwrümleri (Oýlanma)

12 Maý 2021
150

Seni bagyşlap bilmänimi, bagyşla! Bagyşla, meni munuň üçin. Saňa däl, özüme jeza beripdirin men şeýdip. Bilýäň-ä, dünýäniň gudraty kän. Şol gudratlaryň içinde şol güne dolandyrýany ýokmuka?! Ýokmuka şol?! Hiç kimi diňlemän, ylgardym şoňa tarap. Biz kimi begendirjek bolup etdik bulary. Garşy gitdik ýüregimize. Begendirdik, begenmedik. Diňledik, ýöne ýeke gezegem diňlenmedik. Gynananlarynyň haýry nä indi daşymyzdan. Öçli bolup galanam ýene ikimiz bolduk.

Ykbaly ýazgarýarmyşyň. Birem ýazgarmagyn ony. Şol bolmadyk bolsa, ne sen meni tanardyň, ne-de men seni. Ol diňe deňdirden soňky jogaby goýdy bize. Hasabyňy ýalňyşsaň, o nätsin?! Soň ötünç soradyň. Bagyşlap bilmänem, men ýalňyşdym. Indi ikimizem ýazykly. Ýogsa-da, şol gapy kakan ötünçler häzir niredekä?! Iki sany ýoluny ýitiren ötünç?! Heý, bir sataşjakdan dälmikä olar?!

Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA,
"Nesil".