Ajaýyp eseriň şuglasy

12 Maý 2021
146

Şu günler mähriban Diýarymyzyň ähli ýerlerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaňy-ýakynda halkymyza sowgat eden «Ak şäherim Aşgabat» atly ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary ruhubelentlik ýagdaýynda dowam edýär. Şeýle çäreleriň biri geçen hepdäniň şenbe güni «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň guramagynda geçirildi.

Şu hepdäniň duşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hem-de Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hem tanyşdyrylyş dabarasy guraldy. Öňňin bolsa şeýle çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda, Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde geçirildi.

Ýörite habarçymyz.