Sazlaşykly ösüşleriň mekany

12 Maý 2021
59

Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan durmuş-ykdysady, şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmagyň çäklerinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde dürli maksatly desgalaryň toplumlaýyn gurulmagy ata Watanymyzyň beýik ösüşleriniň möhüm görkezijisi bolup durýar. Şunda gözel paýtagtymyz ak mermerli, ähli zerur bolan ýokary derejeli tehnologiýalar bilen üpjün edilen täsin binalary, giň hem owadan şaýollary, döwrebap köçeleri, ajaýyp seýilgähleri, medeni maksatly desgalary bilen ýyl-ýyldan öz çägini giňeldýär, halkara derejedäki syýasy we işewürlik merkezine öwrülýär. Mähriban halkymyz baş şäherimiziň beýik ösüşlerine uly buýsanç duýgusy bilen ýaşaýar, döredijilikli zähmet çekýär. Golaýda, ýagny Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýunyň öňýanynda gözel paýtagtymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki ýeten belent sepgitlerini aýdyň beýan edýän hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň okyjylarymyza gowuşmagy aýratyn buýsandyryjy wakalaryň biri boldy.

Mähriban halkymyzyň binagärlik sungatyny has belende galdyrýan bu kitapda beýan edilýän maglumatlary seriňde aýlanyňda, hormatly Arkadagymyzyň Watanymyzyň şöhratly taryhyny, geljegini, ruhy baýlygyny, ildeşlerimiziň ýaşaýşyny, bagtyýar durmuşyny aýdyň şöhlelendirýändigine bolan buýsanjyň goşalanýar. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bu gün türkmen döwleti gurmagyň we döretmegiň röwşen ýolunda bedew bady bilen öňe barýar. Ak şäherimiz Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemlemek, kämil binagärligiň ajaýyp nusgasyny äşgär etmek bilen häzirki wagtda köpleri haýrana goýýar.

Ogulgerek BÄŞGULYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 134-nji orta mekdebiň mugallymy.