Nurly desgalaryň ýalkymy

12 Maý 2021
67

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheri syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni merkez hökmünde dünýäde has meşhurdyr. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Aşgabat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe düýpli özgerip, Merkezi Aziýanyň merjen şäherine, ylalaşdyryjy merkez hökmünde möhüm halkara syýasy gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.

2007-nji ýylda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Ýewropa döwletleri bilen ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen «Ýewropa öýi» merkezi hem hereket edýär. Paýtagtymyzda geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklara, halkara maslahatlara, dürli ähmiýetli gurluşyk işlerine dünýä jemgyýetçiligi uly gyzyklanma bildirýär.

Döwran AGAJANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.