Ak ýollaryň aýdymy

12 Maý 2021
73

Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde ösüşiň belent sepgitlerini eýeleýän eziz Diýarymyzyň ýüregi Aşgabat bu günki gün özüniň kämil binagärlik keşbi bilen görenleri haýrana goýýar. Halkymyzyň eşretli durmuşda asuda ýaşaýşynyň aýdyň görkezijisi bolup durýan merjen paýtagtymyzda bina edilýän döwrebap desgalaryň hataryny ýaşaýyş toplumlary, sport, söwda we dynç alyş merkezleri, ylym-bilim edaralary, saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap binalary, şeýle hem bagtyýar raýatlarymyzyň hyzmatynda bolan ençeme jemgyýetçilik binalary bezeýär.

Geçen sanlyja ýyllaryň içinde ata Watanymyzyň baş şäherinde şaýollaryň, köçeleriň durky düýpli täzelenip, häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän görnüşe getirildi. Ýollaryň iki gyrasynda ýerleşýän dürli öwüşginli güllere, baglara beslenip oturan ýaşyl zolaklar, kämil yşyklandyryş ulgamy bilen bir hatarda, köçeleriň kesişýän çatryklarynda ýörite gurlan bezeg binalary hem merjen şäherimiz Aşgabadyň gözel keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Buýsanç bilen bellenmeli zat, durmuşa geçirilýän şeýle beýik işleriň ählisiniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň, ak mermerli Aşgabadyň beýik ösüşleri ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň duranlygydyr. Hormatly Prezidentimiziň golaýda çapdan çykan «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby gözel paýtagtymyzyň täze taryhy eýýamda ýeten belent derejesini, täsinliklerini, ajaýyp binagärligini, çuň many-mazmunyny açyp görkezmekde, aýratyn-da, biziň — talyplaryň joşgunly ýüreginde ak şäherimize bolan buýsanjy, ata Watana bolan söýgini artdyrmakda ähmiýeti örän ýokarydyr.

Jennet HOJADURDYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.