Döwrüň döredijilik ruhunyň dabaralanmasy

12 Maý 2021
85

11-nji maý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow eko­lo­gi­ýa çä­re­si­ne gat­na­şyp, Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­ty­nyň 140 ýyl­ly­gy­na ga­bat­la­ny­lan köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe ba­dal­ga ber­di.

Ir­den mil­li Li­de­ri­miz Aş­ga­ba­dyň gü­nor­ta bö­le­gi­ne ta­rap ug­ra­dy. Bu ýer­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz eko­lo­gi­ýa we sport çä­re­si­ne ba­dal­ga be­rip, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň paý­tag­ty­my­za gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry Ş.Dur­dy­ly­ýew bi­len bi­le­lik­de ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­niň giň, owa­dan ýol­la­ryn­dan geç­ýän ugur bo­ýun­ça ýo­la düş­di.