Gymmaty egsilmejek ruhy hazyna

10 Maý 2021
100

YLHAM ÝAÝLASYNYŇ BOSSANY

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly seneleriniň giňden dabaralandyrylýan ajaýyp pursatlarynda hormatly Prezidentimiziň ýene-de bir täze — «Ak şäherim Aşgabat» atly eseri halkymyza gowuşdy. Toýlaryň-toýlara, baýramlaryň-baýramlara ulaşýan günlerinde bu ajaýyp kitap türkmen jemgyýeti üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylanyndan bäri başdan geçiren wakalaryny, häzirki bagtyýarlyk döwrümizde eýe bolan täze keşbini, bular baradaky ajaýyp maglumatlary özünde jemleýän bu täze eser ýurdumyzyň uludan-kiçi ähli raýatlary üçin gymmaty egsilmejek ruhy hazyna öwrüler.

Ýörite habarçymyz.